Aşgabat — ajaýyp mukam

8 Maý 2024
413

Gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy, görenleri haýrana goýýan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri bolan ak şäherimiz Aşgabat bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabat beýik ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyz özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne bendi edýär. Bu bolsa halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar we ýüreklerini buýsandyrýar. Çünki Aşgabat şäheri ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň arzuw-islegidir. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny has-da dabaralandyrýar.

Ak mermerli paýtagtymyz häzirki wagtda sebitde we yklymda adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmeti we göwnejaý dynç alşy üpjün edýän şäherleriň hatarynda tanalýar. Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten belent derejeleri aýdyň duýulýar.

Ogulgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.