Hakydada ýaşaýan Watançy

8 Maý 2024
332

Ýeňiş güni diýilse, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýatdan çykmajak wakalary göz öňüňe gelýär. Onda türkmen gerçekleri hem Watan üçin janlaryny orta goýup, gahrymançylyk görkezdiler. Edermen we gaýduwsyz ýigitlerimiz aňzakly aýazlarda buz ýassanyp, gar düşenip, duşmanlara gahrymançylyk bilen gaýtawul berdiler. Ine, hakydamyzda galan şeýle Watan goragçylarynyň biri hem Juma Aýdogdyýewdir.

Ol 1919-njy ýylda häzirki Ahalyň dag eteginde ýerleşýän Artyk obasynda dünýä inýär. Türkmeniň ilkinji ýokary bilimli wekili bolan Artykgül Teke gyzynyň Artyk obasynda gurduran mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa barýar. Okuwdan boş wagtlary ata-enesine öý we kolhoz hojalygynda ýardam berýär. Obasyndaky mekdebiň ýedinji synpyny tamamlansoň, okuwly-hünärli bolmak isleg-arzuwy, ony ata-babalarynyň gadymy mekany bolan, Aşgabat şäherindäki şol wagtky kooperatiw tehnikumyna okuwa alyp gelýär. Tehnikumy üstünlikli tamamlap, ýörite orta bilimli hünäriň eýesi bolýar. Galagoply döwrüň pidasy bolan Aýdogdy aganyň maşgalasy Baýramaly şäherine göçmeli bolýar. Oguldursun ene nowbahar ogly Juma bilen maşgalanyň keşigini bile çekýärler. 1939-njy ýylyň oktýabrynda Juma Aýdogdyýew Baýramaly şäheriniň harby wekilligi tarapyndan çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylýar. Soňra 1941-nji ýylyň tomsunda Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Duşmanyň ilkinji zarbasyna zarba bilen jogap berip, gazaply söweşlere gatnaşýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, ätiýaçdaky polisiýanyň podpolkownigi.