Watana baglanan ykbal

8 Maý 2024
280

Watana bolan söýgüsi kalplaryna siňen ynsanlaryň ömür ýollary üýtgeşik hem nusgalykdyr. Şeýle ykbally gerçekleriň biri Alimjan Abaliýew hem 1926-njy ýylyň 4-nji maýynda Mary şäherinde eneden dogulýar. Ol şäherdäki mekdebiň 7-nji synpyny tamamlanyndan soňra, Gulbaba adyndaky sazçylyk mekdebinde dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ençeme türkmen ogullary arza ýazyp, meýletin urşa gidýärler. Özüniň ýaşdygyna garamazdan, Alimjan Abaliýew hem harby wekillige baryp, urşa alyp gitmeklerini teklip edýär. Emma ony ýaşynyň kiçidigi üçin urşa almaýarlar.

Soňra wagtyň geçmegi bilen Alimjan Abaliýew urşa gitmek maksady bilen, özüniň dostlary bilen 1943-nji ýylyň awgust aýynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine barýar hem-de şol ýerden fronta ugradylýar. Alimjanyň ilkinji söweş ýoly Wengriýa döwletinde başlanýar. Şol ýerde hem oňa «Edermenligi üçin» diýen ilkinji medal berilýär. 1944-nji ýylda söweşiň aldym-berdimli pursatlarynda Alimjan Abaliýewe duşmandan ýesir alyp gelmek üçin ýörite tabşyryk berilýär. Özüne buýrulan ýumşy başarjaňlyk bilen bitiren ildeşimiz, gullukdaş ýoldaşlaryna görelde görkezmegi başarýar.

Halymberdi ATABEGOW,
maýor.