Saglyk — abatlyk

8 Maý 2024
263

Jemgyýetiň her bir ulgamynyň ösüşi, ilki bilen, adamlaryň saglygyndan başlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň bir bölümini «Saglyk — abatlyk» diýen anyk kesgitlemäniň esasynda beýan edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz «Ähli zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk — başyň täji» diýen öwüt-nesihatyň many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler. Çünki durmuşyň gymmaty saglykdadyr.

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenip görenimizde-de, adamlaryň beden, ruhy saglygy hem-de jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly öwüt-ündewlere, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň. Dana şahyr goşgy setirleriniň birinde: «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy» diýip, ynsan üçin saglygyň näderejede zerurdygyny nygtaýar.

Ajap BAÝGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.