Edermenligiň nusgasy

8 Maý 2024
483

Golaýda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar, ýaşuly nesliň wekilleridir ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ata Watan, il-ýurt, maşgala ynsan üçin mukaddeslikdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda janyny orta goýup söweşen gahrymanlarymyz şol mukaddeslikleri nähili söýmelidigini, ezizlemelidigini görkezdiler. Pajygaly uruşda mert durup, ynam bilen ýetilen Beýik Ýeňşiň gymmatyny hiç zat bilen deňäp bolmaz. Olaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligi bu günki nesilleriň ýüreginde müdimilik ýaşaýar.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».