Edermenligiň beýik nusgasy

8 Maý 2024
481

Ýurdumyzda her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Watan üçin edermenligiň beýik nusgasyny görkezmek bilen gazanylan Beýik Ýeňşiň, parahatçylygyň hem-de Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar.

Beýik Ýeňşe 79 ýyl doldy. Emma henizem şol gazaply söweş halkymyzyň hakydasyndan gidenok. Ol pajygaly aýylganç günleri unutmak asla mümkin däl. Geçen asyryň taryhyna iň aýylganç jeň bolup giren 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin diňe ýeňiş hökmandy. Ähli halk bilen birlikde, türkmen milleti üçin hem bu uruş agyr we ýowuz synag boldy. Şol ýyllaryň dowamynda halkymyzyň merdi-merdanalygy, watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi bu synagdan üstünlikli geçdi. Beýik Watançylyk urşunda türkmen esgerleri mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şol gahrymanlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda edermenligiň ýokary nusgasyny görkezen Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň bolmagy uly buýsançdyr. Berdimuhamet aga uruşda ýaralanyp, dogduk Diýaryna gelenden soň hem ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işini dowam etdirýär, gysga, ýöne örän manyly ömründe uly işleri bitirýär. Ilhalar ynsan hakynda söhbet açanyňda, Watan goragçylarynyň durmuşynda bu watançy esgeriň zähmeti, tutýan orny nusga alarlykdyr. Şeýle beýik ynsanlaryň görkezen edermenlikleri uly hormata mynasypdyr.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň bölüm müdiri.