Gözelligiň dürdänesi

8 Maý 2024
342

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel, arassa, ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler uly üstünliklere beslenýär. Merjen şäherimiz günsaýyn özgerýär, gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiz: «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýip belleýär. Hawa, ak şäherimiz bu gün özüniň sergin howasy, arassa seýilgähleri, owadan binalary bilen göreni haýrana goýýar. Hormatly ­Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde ­«Pähim- paýhas ummany ­Magtymguly ­Pyragy» ýylynda hem paýtagtymyz üstünlikli dowam etdirilýän düýpli gurluşyklary, badalga berilýän täsin iri taslamalary bilen ösdürilýär. Hut, şu nukdaýnazardan, raýatlarymyzyň abadançylygynyň, eşretli ýaşaýşynyň, amatly iş gurşawynyň, şeýle hem ruhy dünýäsiniň sagdynlygynyň esasy orun­da durýandygy buýsandyryjydyr.

Paýtagtymyzyň çäklerinde gurul­ýan we gurlup ulanylmaga berilýän binadyr desgalaryň kaşaňlygy, işlemek we ýaşamak üçin amatlylygy bilen bir hatarda, onuň daş-töwereginiň bezeg aýratynlyklary, şol sanda suw çüwdürimleriniň, gülleriň we baglaryň sazlaşygy ajaýyp gözelligi döredýär. Şunda adamzat jemgyýetiniň we tebigatyň ajaýyp bitewüligi emele gelýär. Şeýlelikde, paýtagtymyz diňe bir owadan binalaryň şäheri bolman, eýsem, arassa ekologiýa gurşawy, tämiz howasy bilen tapawutlanyp, adamyň durmuşyna, bagtyýar ýaşaýşyna oňyn täsirini ýetirýär.

Nurguly SARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.