"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Beýik akyldaryň şanyna

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa Daşoguz we «Serdar» pagta egriji fabriklerinde zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. «Magtymguly halkyň beýik danasy, äleme nusgadyr ähli namasy» ady bilen geçirilen maslahatda çykyş edenler türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şanyna guralýan medeni çäreleriň ýakymly, ýatda galyjy pursatlara beslenýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny, döredijiligini öwrenmekde, özleşdirmekde, täzeden dikeltmekde, halka ýetirmekde hem-de dünýä  ýaýmakda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny guwanç bilen bellediler.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Akdepe etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de etrap bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji  sport mekdebinde «Sport bilen öňe barýar Diýarym» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäklerinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada nygtadylar. Şeýle-de köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri barada buýsanç bilen gürrüň edildi.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

«Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» diýen at bilen maslahat geçirdik. Oňa etrabymyzdaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň il bähbitli tagallalaryndan we öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berkitmek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny ilat arasynda wagyz etmek, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle-de çykyşlarda şöhratly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine, ynsanperwerlik däplerine eýerip, ýaşlaryň beden taýdan sagdyn we kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, olaryň netijeli dynç almaklary we döredijilik başlangyçlaryny ýüze çykarmaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemek ugrunda toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

El hünäri — enäň hünäri

Mähriban enelerimiziň el hünäri asyrlaryň dowamynda kämilleşip nesilleriň dünýäsini bezeýär. Olaryň elinden çykýan nepis keşdeleri, sünnä basmalary, göreni haýrana goýýan alajalary türkmeniň maşgala gymmatlygy hökmünde apalanýar, arzylanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserleriniň ene-mamalarymyzyň el hünärine bagyşlanmagy zenan mertebesini Arşa göterýär.

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Şanly ýylymyz mynasybetli etrabymyzyň bilim işgärleriniň arasynda «Magtymguly — köňülleriň şahyry» diýen at bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşige, esasan hem, türkmen dili we edebiýat, taryh derslerini okadýan mugallymlar işjeň gatnaşyp, özleriniň ýazan goşgulary, oýlanmalary, hekaýalary bilen çykyş etdiler. Bäsleşige hödürlenilen işleriň aglaba bölegi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekdäki ornuna bagyşlandy. Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça etrabymyzdaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Döwletowa birinji, 3-nji orta mekdebiň mugallymy Ýyldyzhan Nerzullaýewa ikinji we 40-njy orta mekdepden Gülruh Zeripowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere geňeşimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdyk.

Maşgala gatnaşyklaryna bagyşlandy

Türkmenabat şäher kazyýetinde maşgala we maşgala gatnaşyklary, hukuklar we borçlar hakynda hereket edýän kanunlar boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde maşgalanyň paýy uludyr. Berkarar döwletimizde maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmeklige gönükdirilen kämil hukuk resminamalary hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Durmuş-ykdysady we ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmekde ýaş maşgalalara maddy hem-de gaýry kömekler berilýär. Maşgala gatnaşyklaryny sazlamaga degişli hukuk resminamalarynyň uly topary hereket edýär. Ynha, şu meseleler boýunça hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri raýatlary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.

Şöhratly geçmişimiziň beýik ykrarnamasy

Etrabymyzyň merkezi kitaphanasy bilen jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň ellerimize gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, uly nesliň wekilleri, bilim işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň çap edilmeginiň watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat bolandygyny guwanç bilen belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly eseri birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň şöhratly taryhy, onuň binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär. Bu ajaýyp kitabyň gadymy taryhymyzy we baý milli mirasymyzy çuňňur öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy aýratyn nygtaldy. Maslahatda çykyş edenler şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň geljege gönükdirilen parasatly syýasatynyň netijesinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlygyň, abadançylygyň mekanyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.

Ýeňijiler sylaglanyldy

Şu gün — 23-nji maýda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, şeýle-de «Güneş» žurnalynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4—11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen döredijilik bäsleşiginde okuwçylar ukypdyr başarnygyny görkezip, ýazan makalalary, çeken suratlary boýunça gatnaşdylar. Ýaş zehinleriň  işinde akyldar şahyryň türkmen tebigatyny wasp edişi, eserleriniň umumadamzat ähmiýeti, tebigaty goramak, aýawly saklamak ýaly many-mazmuna ýugrulan  döredijilik işleri  görkezildi.

Döredijilik sergisi

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik  guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýaşlary dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak, olarda  zähmete bolan söýgini terbiýelemek, dünýägaraýşyny giňeltmek, olary hünärlere ugrukdyrmak, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek bermek maksady bilen Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda  okaýan okuwçylar üçin guralan «Hünär şäherjigi» atly wagyz-nesihat, baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Baýramçylyk çäresine gatnaşan tejribeli mugallymlar, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri ýaşlar bilen söhbetdeş boldular, olaryň sowallaryna jogap berdiler.

Bäsleşik geçirildi

Ýeňijiler öňe saýlandylar Golaýda etrabymyzdaky 3-nji çagalar bagynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy” atly bäsleşik geçirildi. Oňa etrabymyzdaky 1,2,3,4,5-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar. Şanly senä bagyşlanan bu bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly geçdi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Beýik akyldaryň sözleri — ruhlandyryjy güýç Ýakynda etrapdaky 29-njy orta mekdepde TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Beýik akyldaryň sözleri — ruhlandyryjy güýç” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan edaralaryň işgärleri we etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlarydyr ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Müňýyllygyň kümmeti

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Sarahs etrap merkezi kitaphanasy tarapyndan okyjylaryň arasynda täsirli söhbetdeşliklerdir duşuşyklar geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini wagyz etmek hem-de ýaşlaryň baý taryhymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler okyjylarda aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Sarahs etrabynyň çägindäki «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasy taryhy ýadygärlikleriň birnäçesini öz içine alýar. Şolaryň biri-de Sarahs baba ady bilen tanalýan meşhur şahsyýet Abul Fazlyň kümmetidir. Sarahs babanyň kümmeti 1024-nji ýylda bina edilipdir. Onuň binagärlik gurluşy we taryhy jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredip gelýär. Üstümizdäki şanly ýylda bu kümmetiň gurlanyna 1000 ýyl doldy. Şoňa görä-de, okyjy ýaşlarymyz bilen geçirilýän çärelerimizde taryhy müňýyllyklara uzaýan ýadygärlikler, şol sanda Abul Fazlyň kümmeti barada gyzykly gürrüň edýäris.

Çaga — durmuşyň güli

Çagalary goramagyň halkara güni güneşli Diýarymyzda ýylyň-ýylyna uly dabaralara beslenip bellenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem bu senä uludan taýýarlyk görülýär. “Mähriban çagalarymyz berkarar we kuwwatly döwletimiz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleridir” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň bagtyýarlygyny döwletimiziň esasy baýlygy saýýar. Şoňa görä-de, bu ugurda döwletli tutumlara badalga beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, çagalar çäksiz alada we mähir bilen gurşalýar. Bu hakykat Çagalary goramagyň halkara gününiň toý dabaralarynda has äşgär duýulýar.

Ýaşlar abuna ýazylmakda işjeňlik görkezýär

Ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerine üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynda Sarahs etrabynyň ýaşlary işjeňlik görkezmäge çalyşýarlar. Olar gazetdir žurnallaryň çap edilýän görnüşine, şeýle-de elektron görnüşine höwes bilen ýazylýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň işgärleriniň, şeýle-de Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň arasynda “Ahal durmuşy”, “Türkmenistan”, “Nesil” gazetlerine, “Zenan kalby” žurnalyna ýazylanlaryň sany has köp. “Türkmenmetbugat” mobil goşundysynyň “Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri” bukjasyna hem ýaşlar höwes bilen ýazylýarlar. Nesip bolsa, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ikinji ýarymynda-da gazet-žurnallardan ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän täzelikleri, Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri baradaky gyzykly makalalary, beýleki eserleri höwes bilen okarys.

Nepisligiň nusgasy

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. «Dünýä gözelligine soltan halylar» diýip atlandyrylan bu dabara her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlandy. Ony Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilelikde gurady. Oňa gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Bäsleşik geçirildi

Ýeňijiler öňe saýlandylar Golaýda etrabymyzdaky 3-nji çagalar bagynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy” atly bäsleşik geçirildi. Oňa etrabymyzdaky 1,2,3,4,5-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar. Şanly senä bagyşlanan bu bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly geçdi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Beýik akyldaryň sözleri — ruhlandyryjy güýç Ýakynda etrapdaky 29-njy orta mekdepde TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Beýik akyldaryň sözleri — ruhlandyryjy güýç” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan edaralaryň işgärleri we etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlarydyr ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Golaýda Görogly etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda etrabyň Medeniýet merkezinde, Görogly şäherindäki 65-nji we 50-nji orta mekdeplerde watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, medeni aň-düşünjesi ösen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, zenanlary jemgyýetçilik çärelerine işjeň çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala mukaddesligini we ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» diýen şygar astynda maslahatlar  geçirildi. Täsirli geçen maslahatlarda türkmen zenanlaryna bagtyýar durmuşyň lezzetini görüp ýaşamaga, maşgala gurmaga, nesil terbiýelemäge döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan uly üstünliklerde ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň saldamly goşandynyň bardygy bellenildi. Maşgala mukaddesliginiň ähmiýeti rowaýatlaryň,  tymsallaryň,  nakyllaryň  üsti  bilen  giňişleýin  düşündirildi.

AŞTU-nyň “Call centre” hyzmaty işewürligi ösdürmäge gönükdirilendir

Aşgabat şäher telefon ulgamy “Call centre” hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat edaralara, kiçi we orta kärhanalara ýüz tutmalary kabul etmegi hem-de müşderileri hödürlenilýän hyzmatlar barada habardar etmegi guramaga mümkinçilik berýär. AŞTU bilen şertnama baglaşyp, bu hyzmat birikdirilenden soňra, müşderiler kompaniýadan zerur maglumatlary telefon arkaly özleri üçin islendik amatly we tiz wagtda alyp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti döwrebap ýolagçy awtobuslaryny halkymyza sowgat berdi

22-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy guraldy. Dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etmegi hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi. Şeýlelikde, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýolagçy awtobuslarynyň ýüzlerçesi gowşuryldy. «TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslar we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.