Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

23 Maý 2024
263

Şanly ýylymyz mynasybetli etrabymyzyň bilim işgärleriniň arasynda «Magtymguly — köňülleriň şahyry» diýen at bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşige, esasan hem, türkmen dili we edebiýat, taryh derslerini okadýan mugallymlar işjeň gatnaşyp, özleriniň ýazan goşgulary, oýlanmalary, hekaýalary bilen çykyş etdiler. Bäsleşige hödürlenilen işleriň aglaba bölegi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekdäki ornuna bagyşlandy.

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça etrabymyzdaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Döwletowa birinji, 3-nji orta mekdebiň mugallymy Ýyldyzhan Nerzullaýewa ikinji we 40-njy orta mekdepden Gülruh Zeripowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere geňeşimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdyk.

Enejan ERGEŞOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň başlygy.