Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

23 Maý 2024
290

Akdepe etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de etrap bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji  sport mekdebinde «Sport bilen öňe barýar Diýarym» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäklerinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada nygtadylar. Şeýle-de köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri barada buýsanç bilen gürrüň edildi.

Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň bölüm müdiri.