Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

23 Maý 2024
302

Golaýda Görogly etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda etrabyň Medeniýet merkezinde, Görogly şäherindäki 65-nji we 50-nji orta mekdeplerde watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, medeni aň-düşünjesi ösen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, zenanlary jemgyýetçilik çärelerine işjeň çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala mukaddesligini we ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» diýen şygar astynda maslahatlar  geçirildi.

Täsirli geçen maslahatlarda türkmen zenanlaryna bagtyýar durmuşyň lezzetini görüp ýaşamaga, maşgala gurmaga, nesil terbiýelemäge döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan uly üstünliklerde ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň saldamly goşandynyň bardygy bellenildi. Maşgala mukaddesliginiň ähmiýeti rowaýatlaryň,  tymsallaryň,  nakyllaryň  üsti  bilen  giňişleýin  düşündirildi.

Aýnabat SAPAROWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.