Müňýyllygyň kümmeti

23 Maý 2024
350

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Sarahs etrap merkezi kitaphanasy tarapyndan okyjylaryň arasynda täsirli söhbetdeşliklerdir duşuşyklar geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini wagyz etmek hem-de ýaşlaryň baý taryhymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler okyjylarda aýratyn uly gyzyklanma döredýär.

Sarahs etrabynyň çägindäki «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasy taryhy ýadygärlikleriň birnäçesini öz içine alýar. Şolaryň biri-de Sarahs baba ady bilen tanalýan meşhur şahsyýet Abul Fazlyň kümmetidir. Sarahs babanyň kümmeti 1024-nji ýylda bina edilipdir. Onuň binagärlik gurluşy we taryhy jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredip gelýär. Üstümizdäki şanly ýylda bu kümmetiň gurlanyna 1000 ýyl doldy. Şoňa görä-de, okyjy ýaşlarymyz bilen geçirilýän çärelerimizde taryhy müňýyllyklara uzaýan ýadygärlikler, şol sanda Abul Fazlyň kümmeti barada gyzykly gürrüň edýäris.

Aýnabat JUMADURDYÝEWA,
Sarahs etrap merkezi kitaphananyň müdiri.