Beýik akyldaryň şanyna

23 Maý 2024
330

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa Daşoguz we «Serdar» pagta egriji fabriklerinde zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. «Magtymguly halkyň beýik danasy, äleme nusgadyr ähli namasy» ady bilen geçirilen maslahatda çykyş edenler türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şanyna guralýan medeni çäreleriň ýakymly, ýatda galyjy pursatlara beslenýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny, döredijiligini öwrenmekde, özleşdirmekde, täzeden dikeltmekde, halka ýetirmekde hem-de dünýä  ýaýmakda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny guwanç bilen bellediler.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.