Şöhratly geçmişimiziň beýik ykrarnamasy

23 Maý 2024
343

Etrabymyzyň merkezi kitaphanasy bilen jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň ellerimize gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, uly nesliň wekilleri, bilim işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň çap edilmeginiň watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat bolandygyny guwanç bilen belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly eseri birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň şöhratly taryhy, onuň binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär. Bu ajaýyp kitabyň gadymy taryhymyzy we baý milli mirasymyzy çuňňur öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy aýratyn nygtaldy. Maslahatda çykyş edenler şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň geljege gönükdirilen parasatly syýasatynyň netijesinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlygyň, abadançylygyň mekanyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.

Akmyrat HUDAÝAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň başlygy.