Ýaşlar abuna ýazylmakda işjeňlik görkezýär

23 Maý 2024
381

Ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerine üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynda Sarahs etrabynyň ýaşlary işjeňlik görkezmäge çalyşýarlar. Olar gazetdir žurnallaryň çap edilýän görnüşine, şeýle-de elektron görnüşine höwes bilen ýazylýarlar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň işgärleriniň, şeýle-de Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň arasynda “Ahal durmuşy”, “Türkmenistan”, “Nesil” gazetlerine, “Zenan kalby” žurnalyna ýazylanlaryň sany has köp. “Türkmenmetbugat” mobil goşundysynyň “Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri” bukjasyna hem ýaşlar höwes bilen ýazylýarlar. Nesip bolsa, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ikinji ýarymynda-da gazet-žurnallardan ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän täzelikleri, Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri baradaky gyzykly makalalary, beýleki eserleri höwes bilen okarys.

Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.