Çaga — durmuşyň güli

23 Maý 2024
303

Çagalary goramagyň halkara güni güneşli Diýarymyzda ýylyň-ýylyna uly dabaralara beslenip bellenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem bu senä uludan taýýarlyk görülýär.

“Mähriban çagalarymyz berkarar we kuwwatly döwletimiz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleridir” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň bagtyýarlygyny döwletimiziň esasy baýlygy saýýar. Şoňa görä-de, bu ugurda döwletli tutumlara badalga beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, çagalar çäksiz alada we mähir bilen gurşalýar. Bu hakykat Çagalary goramagyň halkara gününiň toý dabaralarynda has äşgär duýulýar.

Aýjahan BOWGANOWA,
Gökdepe etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.