"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Saglygym — baýlygym

Ýiti respirator keseli diýlip, adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Bu ýokanç kesel bolup, onuň bilen islendik ýaşdaky adam keselläp biler. Şonuň üçin lukmanyň maslahatlaryny dogry berjaý etmeli:

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny gorap saklamakda saglyk öýlerinde zähmet çekýän maşgala lukmanlarynyň hyzmaty uludyr. Maşgala lukmanlary öz gözegçilik edýän meýdançasynda we saglyk öýleriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak hakynda wagyz edýärler. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ýagny kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmak, ruhy taýdan sagdynlyk, arassa howada işjeň hereket etmek we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Ekologiýa abadançylygy sagdyn we bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr

Arkadag Prezidentimiz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Şanly sene mynasybetli 10-25-nji maý aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdiler. Şunda mähriban Arkadagymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Irden döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta böleginde ekologiýa we sport çäresine badalga berdi. Milli Liderimiz şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri hem-de seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Welosipedli ýörişler ekologiýa taýdan arassa ulagyň görnüşini wagyz etmegiň giňden ýaýran usulydyr. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidýändigi, işjeňligini ýokarlandyrýandygy şübhesizdir. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Munuň özi adamyň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, birn

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Döwlet migrasiýa gullugynyň, IIM-niň, ýurdumyzyň ulaglar düzümleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri tomusky dynç alyş möwsümini, şol sanda Hazaryň kenarynda dynç alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler, dürli görnüşli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tertipnamasyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda goşmaça awiagatnawlary guramak, ýolagçy otlularyň ýörite gatnawlaryny ýola goýmak we Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça awtomobil gatnawlaryny üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar, Russiýa Federasiýasyndan waksinalaryň 3 görnüşi, HHR-den bolsa 2 görnüşi gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

TIKENLI ARTIŞOK

Sag başym — soltan başym

Saglyk — gymmatly baýlyk. Bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerur. — Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan giň gerimli tutumlar mähriban Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilmeginiň berk binýadyna öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz sagdyn, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi, ylym--bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekip, zehinini ýüze çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda maşgalalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek barada hem yzygiderli aladalar edilýär. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini-de berýär.

Saglyk — gymmatly baýlyk

1. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, süýt we süýt önümlerini, ter we kakadylan miweleri iýmeli. Limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr. 2. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.

Örtügi dogry ulanmagy endik et!

■ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr. ■ Iň esasy kada: ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz aralygy saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!

Sagdynlyk — ynsanyň başynyň täji

Howanyň gyzmagy bilen möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramak ähtimallygy artýar. Ýiti respirator keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almakda ýörite sanjymlaryň geçirilmegine aýratyn orun berilýär. Bir ýaşa çenli çagalary keselden goramakda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýetini uludyr. Keselden goranmakda arassaçylyk kadalarynyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegine hem möhüm orun degişlidir. Çagalykdan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamyň bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukyby ýokary bolýar. Yssy howaly günlerde iş ýa-da ýaşaýyş otaglaryňyzy ýelejireden wagtyňyzda şemal çekýän ýerde durmak ýa-da daşardan gyzyp gelen badyňa sowadyjyda duran suwdan içmek, howany serginledýän enjamyň golaýyna barmak maslahat berilmeýär.

Eliňi ýuwmagyň kadalary

Ellerimizi haýsy ýagdaýda, näçe wagtyna we nädip ýuwmaly? Ukudan oýananyňdan soň, gezelençden, işden, mekdepden, çagalar bagyndan öýe geleňsoň eliňi ýuwmak gerekdir. Edil şonuň ýaly-da, toprak bilen işlenilenden, haýwanlar bilen oýnalandan, näsag adam bilen aragatnaşykda bolnandan, arassaçylyk işleri geçirilenden soň, nahar iýilmezden öň eller hökman ýuwulmalydyr.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýyňyzda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Durnukly ösüş we sagdyn jemgyýet

Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça ileri tutýan garaýyşlary jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny we köpçülikleýin sporty ösdürmek ugrundaky tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň özeninde döwlet tarapyndan halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy baradaky tagallalar ýatyr. Giňden ýaýbaňlandyrylýan sport we sagdyn durmuşy wagyz edýän beýleki köpçülikleýin çäreler Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri bolan saglyk we ruhubelentlik ýörelgelerine laýyklykda, sagdyn durmuşyň berkarar edilmegine döwletimiziň işjeň gatnaşygyny tassyklaýar. Paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde — 10 — 25-nji maý günlerinde Aşgabat şäherinde sürüjileriň öz ulag serişdelerini peýdalanmaklaryny togtatmaklary, welosipedli ýörişleriň gurnalmagy ekologik çäre bolup, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Tutuş jemgyýetde we aýry-aýrylykda her bir adamda sagdyn ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmegiň möhüm durmuş faktorlarynyň hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çykyş edýär. Bular diňe bi

Sagdyn ýaşlary kemala getirmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli, halk bähbitli syýasatynda ilatyň saglygyny has-da berkitmäge, şol sanda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli bolmagyna aýratyn üns berilýär. Her bir çaganyň abadan maşgalada sagdyn ulalmagy, terbiýe almagy, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Maşgalada eýjejik çagalaryň dünýä inmegi her bir ene-ata üçin uly bagt we şatlykdyr. Çagalary goramagyň ygtybarly daýanjy onuň ene-atasydyr. Şonuň üçin her bir çaga mähir bilen gurşalyp alynmalydyr. Çaganyň hemmetaraplaýyn sagdyn ösüp-ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde düşünjeli, giň gözýetimli, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler ene-atalary we ýakyn hossarlary tarapyndan döredilmelidir. Çaganyň dogry iýmitlenmegi, arassa we rahat ýaşamagy, yhlas bilen okamagy, howpsuz şertlerde oýnamagy, gowy dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üpjün edilmelidir.

Saglyk bolsa beglik bolar

Antiseptiki serişdeler bilen elleri zyýansyzlandyrmagyň mikroblardan goraýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Otaglary we olardaky mebelleri, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen yzygiderli arassalap durmaly.

Bagtyň sakasy saglyk

Bahar paslynyň gül-gunçalarynyň ýakymly ysy gelip duran mylaýym howasy kalplarda näzik, päkize duýgulary oýarýan hem bolsa, adamlaryň arasynda: «Ysgynym ýok, kelläm agyrýar, häli-şindi ukym tutup dur» diýen ýaly sözleri eşitmek bolýar. Mundan başga-da, il içinde aýdylyşy ýaly, pasyldan-pasla geçilýän döwür bolan «sepgitde» dürli sökelliklerden ejir çekýän adamlaryň keseliniň gozgamagy, beterleşmegi, ýygy-ýygydan sowuklama ýaly näsazlyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Sepgit döwründe howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine yssyrak bolmagy, aram-aram ýagyş ýagmagy, bulutly howanyň täsiri gartaşan adamlarda, dürli näsazlyklardan, ýagny ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýänlerde oňaýsyz ýagdaýlary döredip biler. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin hökmany suratda maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukman maslahat berýär

Arassaçylyk kesellerden goranmagyň iň ýönekeý we wajyp usulydyr. Biziň ählimiz nahar iýmezden öň, çagalar hem daşarda oýnap gelenlerinden, köpçülikleýin ýerlerden gelnenden soň ellerimizi akar suwuň aşagynda sabyny köpürjikledip, barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly. Ýaşaýan, işleýän otagyňyzda üzärligi tütetmeli, otagyň içini, mebelleri, gapy tutawaçlaryny, pollary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Şeýle hem, nahar iýilýän gap-gaçlary ulanmazdan öň we soň akar suwda gowy arassalamak, ýuwmak maslahat berilýär.

Lukmanyň maslahatlary

Asylly däpleriň mynasyp dowamy

Soňky ýyllarda tutuş dünýäde ekologiýany goramak, howany we daşky gurşawy arassa saklamak, tebigata aýawly çemeleşmek meselelerine hemme döwürlerdäkiden köp üns berilýär. Çünki bu möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak geljekde-de adamzat jemgyýetiniň ösüşini sazlaşykly dowam etdirmäge ýardam edýär. Bu işleri diňe bir özüniň içeri syýasatynyň däl, eýsem, daşary syýasatynyň-da bir ugry hökmünde kesgitleýän Garaşsyz Türkmenistanda alnyp barylýan durmuş ugurly maksatnamalaýyn çäreler türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge doly esas döredýär. Hut şu nukdaýnazardan paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 10—25-nji maýy aralygynda ekologik çäreleri guramak ýola goýuldy. Milli Liderimiziň ekologik abadançylyk baradaky aladalaryndan ruhlanyp, biziň welaýatymyzda hem bu ugurdaky çärelere giň gerim berildi. Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde welosipedli we pyýada ýörişleriň, sportuň dürli görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçirilmägi hem-de bedenterbiýe maşklarynyň köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi ýola goýuldy. Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähi bolsa ekologik maksatly dürli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda seýilgähde ge