Asylly däpleriň mynasyp dowamy

17 Maý 2021
1105

Soňky ýyllarda tutuş dünýäde ekologiýany goramak, howany we daşky gurşawy arassa saklamak, tebigata aýawly çemeleşmek meselelerine hemme döwürlerdäkiden köp üns berilýär. Çünki bu möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak geljekde-de adamzat jemgyýetiniň ösüşini sazlaşykly dowam etdirmäge ýardam edýär. Bu işleri diňe bir özüniň içeri syýasatynyň däl, eýsem, daşary syýasatynyň-da bir ugry hökmünde kesgitleýän Garaşsyz Türkmenistanda alnyp barylýan durmuş ugurly maksatnamalaýyn çäreler türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge doly esas döredýär. Hut şu nukdaýnazardan paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 10—25-nji maýy aralygynda ekologik çäreleri guramak ýola goýuldy.

Milli Liderimiziň ekologik abadançylyk baradaky aladalaryndan ruhlanyp, biziň welaýatymyzda hem bu ugurdaky çärelere giň gerim berildi. Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde welosipedli we pyýada ýörişleriň, sportuň dürli görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçirilmägi hem-de bedenterbiýe maşklarynyň köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi ýola goýuldy. Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähi bolsa ekologik maksatly dürli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda seýilgähde geçirilen ekologiýa-sport çärelerine edara-guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar sport ýaryşlarynda ýokary işjeňlik görkezdiler. Bu ýerde gurlan aýdym-sazly çykyşlar çärä gatnaşyjylaryň göwnünlerini galkyndyrdy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar