Durnukly ösüş we sagdyn jemgyýet

18 Maý 2021
1280

Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça ileri tutýan garaýyşlary jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny we köpçülikleýin sporty ösdürmek ugrundaky tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň özeninde döwlet tarapyndan halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy baradaky tagallalar ýatyr. Giňden ýaýbaňlandyrylýan sport we sagdyn durmuşy wagyz edýän beýleki köpçülikleýin çäreler Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri bolan saglyk we ruhubelentlik ýörelgelerine laýyklykda, sagdyn durmuşyň berkarar edilmegine döwletimiziň işjeň gatnaşygyny tassyklaýar. Paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde — 10 — 25-nji maý günlerinde Aşgabat şäherinde sürüjileriň öz ulag serişdelerini peýdalanmaklaryny togtatmaklary, welosipedli ýörişleriň gurnalmagy ekologik çäre bolup, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Tutuş jemgyýetde we aýry-aýrylykda her bir adamda sagdyn ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmegiň möhüm durmuş faktorlarynyň hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çykyş edýär. Bular diňe bir binýatlaýyn şert bolmak bilen çäklenmän, eýsem milleti sagdynlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugry hem bolup durýar» diýip belleýär.

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgeleri önümçilik, jemgyýetçilik-syýasy, zähmet çekmekden daşary, işjeň lukmançylyk ýaly ugurlar bilen birlikde, adamyň zähmet işjeňligi, durmuş, aň-paýhas, hereket işjeňligi, gepleşik we durmuş özara gatnaşyklary, endikler, gün tertibi, ýaşaýyş sazlaşygy, işiň görnüşi, dynç alyş ýaly ugurlary-da öz içine alýar.

Mähri MUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar