Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

19 Maý 2021
912

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan giň gerimli tutumlar mähriban Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilmeginiň berk binýadyna öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz sagdyn, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi, ylym--bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekip, zehinini ýüze çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýär.

Ýurdumyzda maşgalalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek barada hem yzygiderli aladalar edilýär. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini-de berýär.

Azat GULGELDIÝEW,
Serdar şäher-etrap polisiýa bölüminiň 4-nji bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar