Sagdyn ýaşlary kemala getirmek

18 Maý 2021
1117

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli, halk bähbitli syýasatynda ilatyň saglygyny has-da berkitmäge, şol sanda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli bolmagyna aýratyn üns berilýär. Her bir çaganyň abadan maşgalada sagdyn ulalmagy, terbiýe almagy, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Maşgalada eýjejik çagalaryň dünýä inmegi her bir ene-ata üçin uly bagt we şatlykdyr. Çagalary goramagyň ygtybarly daýanjy onuň ene-atasydyr. Şonuň üçin her bir çaga mähir bilen gurşalyp alynmalydyr. Çaganyň hemmetaraplaýyn sagdyn ösüp-ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde düşünjeli, giň gözýetimli, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler ene-atalary we ýakyn hossarlary tarapyndan döredilmelidir. Çaganyň dogry iýmitlenmegi, arassa we rahat ýaşamagy, yhlas bilen okamagy, howpsuz şertlerde oýnamagy, gowy dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üpjün edilmelidir.

Gözel NAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar