Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

20 Maý 2021
1033

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Döwlet migrasiýa gullugynyň, IIM-niň, ýurdumyzyň ulaglar düzümleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri tomusky dynç alyş möwsümini, şol sanda Hazaryň kenarynda dynç alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler, dürli görnüşli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tertipnamasyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda goşmaça awiagatnawlary guramak, ýolagçy otlularyň ýörite gatnawlaryny ýola goýmak we Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça awtomobil gatnawlaryny üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar, Russiýa Federasiýasyndan waksinalaryň 3 görnüşi, HHR-den bolsa 2 görnüşi gelip gowuşdy.

Beýleki habarlar