Ekologiýa abadançylygy sagdyn we bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr

20 Maý 2021
946

Arkadag Prezidentimiz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Şanly sene mynasybetli 10-25-nji maý aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdiler. Şunda mähriban Arkadagymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Irden döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta böleginde ekologiýa we sport çäresine badalga berdi. Milli Liderimiz şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri hem-de seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar.

Welosipedli ýörişler ekologiýa taýdan arassa ulagyň görnüşini wagyz etmegiň giňden ýaýran usulydyr. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidýändigi, işjeňligini ýokarlandyrýandygy şübhesizdir. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Munuň özi adamyň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, birnäçe keseller bilen kesellemek howpuny peseldýär, kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, ruhubelentlik paýlaýar. Mundan başga-da, welosiped ulagyň amatly görnüşi bolmak bilen çäklenmän, mähriban ülkämize gyzykly gezelençleri amala aşyrmak üçin oňaýly serişdedir.

Beýleki habarlar