Bagtyň sakasy saglyk

17 Maý 2021
1073

Bahar paslynyň gül-gunçalarynyň ýakymly ysy gelip duran mylaýym howasy kalplarda näzik, päkize duýgulary oýarýan hem bolsa, adamlaryň arasynda: «Ysgynym ýok, kelläm agyrýar, häli-şindi ukym tutup dur» diýen ýaly sözleri eşitmek bolýar. Mundan başga-da, il içinde aýdylyşy ýaly, pasyldan-pasla geçilýän döwür bolan «sepgitde» dürli sökelliklerden ejir çekýän adamlaryň keseliniň gozgamagy, beterleşmegi, ýygy-ýygydan sowuklama ýaly näsazlyklaryň ýüze çykmagy mümkin.

Sepgit döwründe howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine yssyrak bolmagy, aram-aram ýagyş ýagmagy, bulutly howanyň täsiri gartaşan adamlarda, dürli näsazlyklardan, ýagny ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýänlerde oňaýsyz ýagdaýlary döredip biler. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin hökmany suratda maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly.

Ejeş ÖWEZOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar