Lukman maslahat berýär

17 Maý 2021
1305

Arassaçylyk kesellerden goranmagyň iň ýönekeý we wajyp usulydyr. Biziň ählimiz nahar iýmezden öň, çagalar hem daşarda oýnap gelenlerinden, köpçülikleýin ýerlerden gelnenden soň ellerimizi akar suwuň aşagynda sabyny köpürjikledip, barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly.

Ýaşaýan, işleýän otagyňyzda üzärligi tütetmeli, otagyň içini, mebelleri, gapy tutawaçlaryny, pollary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Şeýle hem, nahar iýilýän gap-gaçlary ulanmazdan öň we soň akar suwda gowy arassalamak, ýuwmak maslahat berilýär.

Beýleki habarlar