Sagdyn durmuş ýörelgesi

20 Maý 2021
830

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny gorap saklamakda saglyk öýlerinde zähmet çekýän maşgala lukmanlarynyň hyzmaty uludyr.

Maşgala lukmanlary öz gözegçilik edýän meýdançasynda we saglyk öýleriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak hakynda wagyz edýärler. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ýagny kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmak, ruhy taýdan sagdynlyk, arassa howada işjeň hereket etmek we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Gözeljemal BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar