"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bilim — beýik geljegiň açary

Ýaş nesliň bagtyýar geljegi, eşretli durmuşy bilim bilen aýrylmaz baglydyr. Bilim beýik geljegiň açarydyr. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ders, taslama bäsleşikleri olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, ösdürmekde hem-de goldamakda ähmiýetlidir. Kabul edilen döwlet bilim standartlaryna laýyklykda, täze taryhy eýýamda ýaşlaryň robot tehnikasyndan oňat baş çykarmagy üçin geçirilýän bäsleşikler hem uly ähmiýete eýedir. Grafika hem-de dizaýn ýaly döwrebap ugurlarda ýaş nesilleriň zehinini ýüze çykarmak innowasiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşýan döwründe örän wajypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy babatynda döwletimizde beýik işler durmuşa geçirilýär. Okuwçy ýaşlarymyzyň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän halkara olimpiadalarda gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň nyşanydyr. Şu ýylyň 16-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda mekdep okuwçylarynyň halkara ders we internet bäsleşiklerinde 17 sany medal gazanandyklary barada habar berildi. Bu bolsa şanly ýylda bilim özgertmeleriniň

Halypalar ussatlyklaryny görkezdiler

Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde «Halypalar — şägirtlere görelde» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çagalar sungat mekdebinde halypa mugallymlaryň uly topary zähmet çekýär. Olar ýaşlara türkmen halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan, fortepiano, kirişli saz gurallary boýunça bilim berýärler. Halypalar zehinli sungat ussatlaryny ýetişdirmek üçin okatmagyň kämil usullaryndan peýdalanýarlar, aýdym aýtmak, saz çalmak boýunça dürli ýaryşlary guraýarlar. Şu geçirilen çärede bolsa halypalar şägirtlerine öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Kämillige barýan ýol

Ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, edepli, bilimli adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny gazanmak döwrüň talaby bolup durýar. «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklary bize — bilim işgärlerine bildirilýän uly ynamdyr. Häzirki döwürde bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Ulgamda beýik işleriň durmuşa geçirilmegi bilen, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelýändigi hem bizi begendirýär. Biz çagalar bagymyzda terbiýelenýän körpelere nakyllary, ertekileri aýdyp berip, olaryň watançylyk duýgularyny ösdürmäge çalyşýarys. Bu döwürde çaga her bir aýdylan zady çalt kabul edýär we gören-eşidenini gaýtalamaga çalyşýar. Olarda Watana bolan söýgini oýarmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak biziň üçin esasy wezipedir.

Bilimiň, terbiýäniň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhraty dünýä dolan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge, ylymly-bilimli edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde kitaphanaçylara uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly eserleri çagalaryň watançylyk duýgusynyň kämilleşmeginde möhüm orun eýeleýär. Biz bu kitaplaryň we beýleki eserleriň many-mazmunyny çagalara we giň okyjylar köpçüligine düşündirmek bilen, olaryň kitaplar bilen dostlaşmagyny, kitaphanamyz bilen ýygy-ýygy aragatnaşyk saklamagyny gazanýarys. Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa, türkmen ýaşlaryna, bize — kitaphanaçylara bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Bilim — bagtyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler ildeşlerimizi begendirýär, bu ösüşlere öz goşandyny goşmaga ruhlandyrýar. Ylym-bilim ulgamlarynda hem bu gün asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatynda uly tejribe toplandy. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim işi döwrebaplaşdyrylýar, milli maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu zatlar biz — bilim işgärlerini juda begendirýär, buýsandyrýar, işimizi döwrebap derejede alyp barmaga itergi berýär.

Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmeginde täze mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kämil bilmeginiň olaryň dünýä derejesinde bilim almagynda, öz Watanynyň ykdysa-dy, syýasy, medeni ösüşinde we onuň abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda ähmiýeti uludyr. Ýaşlaryň ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol wezipeler esasynda ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeldýär, sowatly

Mizemez binýat

Bilim ulgamy jemgyýetiň ösmegini şertlendirýän, ähli ugurlarda üstünlikleri gazanmaga öňe iteriji güýç-kuwwaty özünde jemleýän ulgamdyr. Ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Prezident Maksatnamasynda halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara, milletiň aň-paýhas mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edilýär. Bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda milli ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bellenilen. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýyl dürli ugurlarda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň ylym, döredijilik bilen meşgullanmaklary, halkara bilim giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy», bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durm

Sazlaşykly terbiýe

Durmuşyň güli hasaplanylýan körpe nesliň mekdebe çenli döwrüniň manyly guralmagy çaganyň soňraky ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu döwürde çagalarda psihologik dartgynlylygy aýyrmaga ýardam berýän amatly şertleri, hoşniýetli hem mähirli gurşawy döretmek, şahsy pikirlerini erkin aýdyp bilmek duýgularyny döretmek uly ähmiýete eýedir. Psihologlar adamyň intellektual ösüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň ilkinji binýadynyň onuň mekdebe çenli bolan ýaşynda kemala gelýändigini aýdýarlar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan bilim-terbiýe ojagydyr. Çaganyň mekdebe taýýarlyk döwründe käbir deslapky bilimlere eýe bolmagy, meselem, sanap bilmegi, okap, ýazyp, surat çekip we şekiljikler ýasap bilmegi hökmanydyr. Terbiýeçi bu bilimleri çagalara oýunlaryň üsti bilen, çagalar ýadamazdan, emma ýadynda berk galar ýaly öwretmeli. Çagalary mekdebe taýýarlamak maksady bilen, olaryň sözleýiş dilini, ilkinji hasaplaýyş endiklerini ösdürmeli, köpçülikde özüni dogry alyp barmagyň kadalaryny öwretmeli. Bu ugurda çagalaryň tebigy ukyp-zehinlerini ýüze çykarmak hem ösdürmek üçin çeper döredijilik we sagaldyş-oýun çärelerini guramaga uly üns bermek zerurdyr.

Ýylyň mugallymy — 2024

Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2024» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmak we höweslendirmek, olaryň döwrebap iş usullaryny ýaýratmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň nobatdaky tapgyry etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary degişli şertler esasynda çykyş etdiler, okuwçylar bilen işjeň sapak geçdiler. Mugallymlar şol çykyşlaryň üsti bilen ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmak, sapaga döredijilikli çemeleşmek hem-de netijeliligini gazanmak babatdaky ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde etrapdaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bägül Berdiýewa baş baýraga mynasyp bolup, onuň welaýat derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýylyň terbiýeçisi — 2024

Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2024» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşige etrapdaky çagalar baglaryň terbiýeçileri gatnaşdy. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna gatnaşanlar degişli şertler boýunça çykyş etdiler. Olar çykyşlarynyň üsti bilen körpelere berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagy, watansöýüji nesilleriň kemala gelmegi ugrunda yhlasly işleýändigini, hemişe täzeçillige ymtylýandygyny görkezdiler.

Zehinli ýaşlar

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde 10-njy synp okuwçylaryň arasyndaky okuw dersleri boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünlikli geçdi. Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda bolan bäsleşige etraplardan gelen zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar iki günüň dowamynda degişli okuw dersleri boýunça zehin-başarnygyny görkezdiler. Munuň üçin döwrebap enjamlaşdyrylan mekdepde ähli şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Guramaçylykly geçen ders bäsleşiginiň ýeňijileri ballarynyň sany boýunça kesgitlendi. Nobatdaky bäsleşik welaýatymyzda zehinli ýaşlaryň az däldigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Ýaşlary ruhlandyryjy nusgawy mekdep

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milletiň kalbynyň owazyna sazlaşykly goşulyşýan pähim-paýhas ummanynyň emri bilen döreden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýaşlary joşgunly ylham bilen gurşap, olaryň döredijilik hem özgerdijilik nusgawy mekdebini esaslandyrdy. Bu mekdep täze eýýamyň Arkadagly Gahryman Serdar mekdebi adyna eýe bolmaga mynasyp. Çünki bu eser ata-babalarymyzyň asyrlarboýy erkin, garaşsyz döwletli bolmak arzuwlarynyň wysal tapandygyny bütin dünýä aýan edip, halkymyzy, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlarymyzy ykbal belentliklerine göterdi. Döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň düýp mazmuny düşündirip: «Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini, Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň borçlaryny, olaryň öňünde durýan wezipeleri ýekän-ýekän beýan edýär.

Ösüşleriň röwşen ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy täze belentliklere eýe bolýar. Ýaş neslimiziň halkara derejesinde döwrebap bilim almagy, giň gözýetimli, zehinli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle asylly işleriň çäklerinde ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň birnäçesinde professor-mugallymlaryň, şeýle-de talyplaryň işjeň gatnaşmaklarynda sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa, sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Bu portal elektron resminamalary, elektron poçta ulgamyny, uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, elektron kitaplary hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen bagly derwaýys maglumatlary özünde jemleýär. Mundan başga-da, bu portalyň kömegi bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň guramagynda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalardyr bäsleşiklere gatnaşyp bolýar.

Hünärmenleriň kämilligi

Ýurdumyz täze ösüşleri hem-de belent ruhy göterilişi bilen rowaç menzillere gadam urýar. Bu günki günde biz — bilim işgärleri beýik ösüşlere buýsanyp, durmuşa geçirilýän işleriň many-mazmunyna doly düşünip, öz halal zähmetimiz, yhlas-başarnygymyz bilen ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşmaga çalyşýarys. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilim ulgamynyň ösüşini üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleriniň zähmetiniň rowaçlanmagy, netijeli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin okuw mekdeplerinde ylymdan, bilimden baş çykarýan, sanly ulgama oňat düşünýän ýaşlar kemala gelýär. Bu ugurdan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, ýokary okuw mekdeplerinde netijeli işler alnyp barylýar. Geljekki hünärmenleriň zähmet ukybyny döwrüň ösen talaplaryna gabat getirmek we talyplary önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen tanyşdyrmak işlerine hem aýratyn üns berilýär. Okuw işleriniň döwrüň giň mümkinçiliklerine laýyklykda alnyp barylmagy, tejribe sapaklarynyň üstünlikli ýola goýulmagy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Okuw işleriniň netijeliligi talybyň hünäriniň ýokarlanmagyna, ylym-bilim başa

Türkmen dili we edebiýaty sapaklarynyň özara baglanyşygy

Türkmen dili sapagynda okuwçylaryň diňe bir dürs ýazuw endikleri ösdürilmän, eýsem, olaryň dogry, medeniýetli sözleýiş endikleri hem kämilleşdirilýär. Şol maksat bilen türkmen dili sapagy edebiýat sapagy bilen berk arabaglanyşykda alnyp barylýar. Çünki edebiýat sapaklarynda okuwçylaryň dogry sözleýiş endikleri hem yzygiderli ösdürilýär. Çagalaryň sözleýiş dili näçe baý bolsa, şonça-da, olar ene diliniň grammatikasy we dürs ýazuwy boýunça öwredilýänlere aňsat düşünýärler hem-de olary hertaraplaýyn çuňňur özleşdirýärler.

Nesil terbiýesi — asylly ýörelge

Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän bagtyýar ýaş nesillerimiz hakyndaky alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän oňyn başlangyçlarynyň we öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde hem, ýurdumyzda sazlaşykly ösýän, beden we ruhy taýdan sagdyn, sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Paýhasly pederlerimizden bize miras galan nesil terbiýesi, ruhy gymmatlyklar, gadymdan gelýän däp-dessurlar we ahlak ýörelgeleri bolsa häzirki ajaýyp döwrümizde has-da ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar körpe nesillerimiziň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyny üpjün etmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen eziz Diýarymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini ösdürmek we ýüze çykarmak ugrunda yzygiderli okuw sapaklary alnyp barylýar.

Ylym-bilim özgertmeleri — bagtyýar ýaşaýşyň binýady

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talaby bolup durýar. Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimli hünärmenleri taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä ylmynyň gazananlaryny milli tejribelerimize ornaşdyryp, önümçiligiň netijeliligini işjeňleşdirmäge ýaşlary çekmek ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňündäki esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlary ylma çekmekde degişli hünär ugurlary boýunça ylmy gurnaklaryň ähmiýeti uludyr. Şeýle gurnaklarda ýaşlaryň ylmy garaýyşlary, döredijilik gözleg

Belent hormatyň eýeleri

Hormatly Prezidentimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda çözgüdi kabul etmegi berkarar döwletiň gelin-gyzlary hökmünde ählimizi uly şatlyga besledi. Baharyň ilkinji baýramynda her ýyl aýal-gyzlarymyzy baýramçylyk sowgady bilen begendirmek döwletli Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Bu däp gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan alyp gaýdýar. Asylly däbiň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem dowam etdirilmegi zenanlarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Kitap ― okuwçylaryň ýakyn dosty

Okuwçylarymyzyň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen mekdebimizde bäsleşikleri ýygy-ýygydan geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Şeýle bäsleşikleriň birini üstümizdäki aýda hem geçirdik. Bäsleşige mekdebimiziň okuwçylarynyň isleg bildirenleriniň her biri gatnaşyp bilýär. Onuň netijesinde mekdep kitaphanasy bilen iň ýakyn aragatnaşykda bolýan okuwçylarymyz kesgitlenildi. Şeýle hem mekdebimiziň kitaphanaçysy Salamat Hudaýberdiýewanyň, başlangyç synp mugallymlarymyz Şaseýit Taňryberdiýewiň we Mamajan Hemraýewanyň gatnaşmaklarynda okuwçylaryň okan kitaplary bilen bagly sowal-jogap görnüşindäki bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik okuwçylaryň çeper edebiýata ýakyn durup, esasan hem, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan kitaplary uly höwes bilen okaýandyklaryny görkezdi.

Sanly bilim portaly - mümkinçilikleriň ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw