Nesil terbiýesi — asylly ýörelge

27 Fewral 2024
634

Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän bagtyýar ýaş nesillerimiz hakyndaky alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän oňyn başlangyçlarynyň we öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde hem, ýurdumyzda sazlaşykly ösýän, beden we ruhy taýdan sagdyn, sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Paýhasly pederlerimizden bize miras galan nesil terbiýesi, ruhy gymmatlyklar, gadymdan gelýän däp-dessurlar we ahlak ýörelgeleri bolsa häzirki ajaýyp döwrümizde has-da ösdürilýär, kämilleşdirilýär.

Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar körpe nesillerimiziň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyny üpjün etmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen eziz Diýarymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini ösdürmek we ýüze çykarmak ugrunda yzygiderli okuw sapaklary alnyp barylýar.

Zybagözel TAGANOWA,
Aşgabat şäherindäki 163-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar