Ýylyň mugallymy — 2024

27 Fewral 2024
362

Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2024» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmak we höweslendirmek, olaryň döwrebap iş usullaryny ýaýratmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň nobatdaky tapgyry etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy.

Etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary degişli şertler esasynda çykyş etdiler, okuwçylar bilen işjeň sapak geçdiler. Mugallymlar şol çykyşlaryň üsti bilen ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmak, sapaga döredijilikli çemeleşmek hem-de netijeliligini gazanmak babatdaky ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde etrapdaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bägül Berdiýewa baş baýraga mynasyp bolup, onuň welaýat derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Nurjahan GULMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar