Ösüşleriň röwşen ýolunda

27 Fewral 2024
508

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy täze belentliklere eýe bolýar. Ýaş neslimiziň halkara derejesinde döwrebap bilim almagy, giň gözýetimli, zehinli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Şeýle asylly işleriň çäklerinde ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň birnäçesinde professor-mugallymlaryň, şeýle-de talyplaryň işjeň gatnaşmaklarynda sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa, sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Bu portal elektron resminamalary, elektron poçta ulgamyny, uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, elektron kitaplary hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen bagly derwaýys maglumatlary özünde jemleýär. Mundan başga-da, bu portalyň kömegi bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň guramagynda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalardyr bäsleşiklere gatnaşyp bolýar.

Akjagül GURBANGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar