Bilim — beýik geljegiň açary

28 Fewral 2024
317

Ýaş nesliň bagtyýar geljegi, eşretli durmuşy bilim bilen aýrylmaz baglydyr. Bilim beýik geljegiň açarydyr. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ders, taslama bäsleşikleri olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, ösdürmekde hem-de goldamakda ähmiýetlidir. Kabul edilen döwlet bilim standartlaryna laýyklykda, täze taryhy eýýamda ýaşlaryň robot tehnikasyndan oňat baş çykarmagy üçin geçirilýän bäsleşikler hem uly ähmiýete eýedir. Grafika hem-de dizaýn ýaly döwrebap ugurlarda ýaş nesilleriň zehinini ýüze çykarmak innowasiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşýan döwründe örän wajypdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy babatynda döwletimizde beýik işler durmuşa geçirilýär. Okuwçy ýaşlarymyzyň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän halkara olimpiadalarda gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň nyşanydyr. Şu ýylyň 16-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda mekdep okuwçylarynyň halkara ders we internet bäsleşiklerinde 17 sany medal gazanandyklary barada habar berildi. Bu bolsa şanly ýylda bilim özgertmeleriniň guwandyryjy netijelere beslenýändigini görkezýär.

Gül KAKABAÝEWA,
Boldumsaz etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar