Bilimiň, terbiýäniň sakasy

28 Fewral 2024
286

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhraty dünýä dolan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge, ylymly-bilimli edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde kitaphanaçylara uly orun degişlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly eserleri çagalaryň watançylyk duýgusynyň kämilleşmeginde möhüm orun eýeleýär. Biz bu kitaplaryň we beýleki eserleriň many-mazmunyny çagalara we giň okyjylar köpçüligine düşündirmek bilen, olaryň kitaplar bilen dostlaşmagyny, kitaphanamyz bilen ýygy-ýygy aragatnaşyk saklamagyny gazanýarys. Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa, türkmen ýaşlaryna, bize — kitaphanaçylara bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Gurbansoltan Kerkiýewa,
Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar