Zehinli ýaşlar

27 Fewral 2024
337

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde 10-njy synp okuwçylaryň arasyndaky okuw dersleri boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünlikli geçdi. Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda bolan bäsleşige etraplardan gelen zehinli ýaşlar gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar iki günüň dowamynda degişli okuw dersleri boýunça zehin-başarnygyny görkezdiler. Munuň üçin döwrebap enjamlaşdyrylan mekdepde ähli şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Guramaçylykly geçen ders bäsleşiginiň ýeňijileri ballarynyň sany boýunça kesgitlendi. Nobatdaky bäsleşik welaýatymyzda zehinli ýaşlaryň az däldigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Ogulşat ÇARYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar