Mizemez binýat

27 Fewral 2024
283

Bilim ulgamy jemgyýetiň ösmegini şertlendirýän, ähli ugurlarda üstünlikleri gazanmaga öňe iteriji güýç-kuwwaty özünde jemleýän ulgamdyr. Ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Prezident Maksatnamasynda halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara, milletiň aň-paýhas mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edilýär. Bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda milli ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bellenilen. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýyl dürli ugurlarda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň ylym, döredijilik bilen meşgullanmaklary, halkara bilim giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy», bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurtda ýokary bilimli hünärmenlere zerurlygyň barha artmagy bilen baglylykda ýokary mekdepleriň işlerini kämilleşdirmäge, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär.

Zübeýda AKMÄMMEDOWA,
TürkmenistanyDokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar