Kitap ― okuwçylaryň ýakyn dosty

27 Fewral 2024
366

Okuwçylarymyzyň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen mekdebimizde bäsleşikleri ýygy-ýygydan geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Şeýle bäsleşikleriň birini üstümizdäki aýda hem geçirdik.

Bäsleşige mekdebimiziň okuwçylarynyň isleg bildirenleriniň her biri gatnaşyp bilýär. Onuň netijesinde mekdep kitaphanasy bilen iň ýakyn aragatnaşykda bolýan okuwçylarymyz kesgitlenildi. Şeýle hem mekdebimiziň kitaphanaçysy Salamat Hudaýberdiýewanyň, başlangyç synp mugallymlarymyz Şaseýit Taňryberdiýewiň we Mamajan Hemraýewanyň gatnaşmaklarynda okuwçylaryň okan kitaplary bilen bagly sowal-jogap görnüşindäki bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik okuwçylaryň çeper edebiýata ýakyn durup, esasan hem, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan kitaplary uly höwes bilen okaýandyklaryny görkezdi.

Maral SEÝITNYÝAZOWA,
Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar