Sazlaşykly terbiýe

27 Fewral 2024
291

Durmuşyň güli hasaplanylýan körpe nesliň mekdebe çenli döwrüniň manyly guralmagy çaganyň soňraky ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu döwürde çagalarda psihologik dartgynlylygy aýyrmaga ýardam berýän amatly şertleri, hoşniýetli hem mähirli gurşawy döretmek, şahsy pikirlerini erkin aýdyp bilmek duýgularyny döretmek uly ähmiýete eýedir. Psihologlar adamyň intellektual ösüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň ilkinji binýadynyň onuň mekdebe çenli bolan ýaşynda kemala gelýändigini aýdýarlar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan bilim-terbiýe ojagydyr.

Çaganyň mekdebe taýýarlyk döwründe käbir deslapky bilimlere eýe bolmagy, meselem, sanap bilmegi, okap, ýazyp, surat çekip we şekiljikler ýasap bilmegi hökmanydyr. Terbiýeçi bu bilimleri çagalara oýunlaryň üsti bilen, çagalar ýadamazdan, emma ýadynda berk galar ýaly öwretmeli. Çagalary mekdebe taýýarlamak maksady bilen, olaryň sözleýiş dilini, ilkinji hasaplaýyş endiklerini ösdürmeli, köpçülikde özüni dogry alyp barmagyň kadalaryny öwretmeli. Bu ugurda çagalaryň tebigy ukyp-zehinlerini ýüze çykarmak hem ösdürmek üçin çeper döredijilik we sagaldyş-oýun çärelerini guramaga uly üns bermek zerurdyr.

Oguljuma ÝAZYÝEWA,
Sarahs etrabyndaky 5-nji çagalar bakja bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar