Ýaşlary ruhlandyryjy nusgawy mekdep

27 Fewral 2024
309

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milletiň kalbynyň owazyna sazlaşykly goşulyşýan pähim-paýhas ummanynyň emri bilen döreden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýaşlary joşgunly ylham bilen gurşap, olaryň döredijilik hem özgerdijilik nusgawy mekdebini esaslandyrdy. Bu mekdep täze eýýamyň Arkadagly Gahryman Serdar mekdebi adyna eýe bolmaga mynasyp. Çünki bu eser ata-babalarymyzyň asyrlarboýy erkin, garaşsyz döwletli bolmak arzuwlarynyň wysal tapandygyny bütin dünýä aýan edip, halkymyzy, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlarymyzy ykbal belentliklerine göterdi.

Döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň düýp mazmuny düşündirip: «Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini, Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň borçlaryny, olaryň öňünde durýan wezipeleri ýekän-ýekän beýan edýär.

Gülşirin MUHANOWA,
«Bilim» žurnalynyň baş redaktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar