"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Nebiti gaýtadan işleýjileriň üstünligi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda üstümizdäki ýyly üstünliklere beslemek, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli nebit önümlerini öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekilýär. Agzybir we başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň birleşen tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üç aýynyň görkezijilerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kuwwatly senagat kärhanasynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň özleriniň işine berýän gündelik üns-aladasyny ýakyndan duýýandyklaryny kanagatlanma bilen belleýärler. Kabul edilýän möhüm çözgütler, berilýän goldaw-hemaýatlar bolsa, ilkinji nobatda, kärhananyň önümçilik-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, desgalaryň çig mallar bilen üpjünçiligini hem-de işgärleriň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly köptaraply meseleleri öz içine alýar. Bulardan başga-da, kärhananyň işini dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri hem amala aşyrylýar. Şeýle tagallalaryň ahyrky maksady ýokary hilli, bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilişini artdyrmak bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Ukrainadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 41 million 833 müň 795 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy dört aýda 2,5 milliard amerikan dollaryndan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ameri­kan dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp, business.com.tm habarlar saýty habar berýär. Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 818 million 207 müň amerikan dollaryna barabar boldy. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Hasabat döwründe Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 385 million 944 müň amerikan dollaryna barabar bolan önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistan, takmynan, 212 million 940 müň amerikan dollaryna deň bolan hytaý harytlaryny import etdi.

30 ýylda on esse ösüş

Tutýan meýdanynyň kiçi, ilatynyň azdygyna garamazdan, Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girýär. BAE-niň ykdysadyýetiniň esasy bölegini gazylyp alynýan nebitiň we tebigy gazyň eksporty emele getirýär. Mundan başga-da, ýurtda söwda ulgamy, gaýtadan işleýän senagat hem-de ulag-logistika pudagy ösen derejededir. Şunuň bilen baglylykda, ýurt Ýakyn Gündogarda Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we Ysraýyldan soňra dördünji uly ykdysadyýet hasaplanylýar. Ýurduň jemi içerki önümi

Innowasiýalara 100 milliard ýuan maýa goýar

Hytaýyň «Chery group» kompaniýasy ýakyn geljekde öz önümçiligine täzeçil tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin 100 milliard ýuan (13,8 milliard amerikan dollary) möçberinde maliýe serişdelerini gönükdirer. Bu barada Hytaýyň Uhu şäherinde «Chery group» hem-de «EXEED» tarapyndan guralan önümçilikdäki täze özgertmelere bagyşlanan halkara maslahatyň çäginde mälim edildi. — Innowasiýa «Chery group» kompaniýasynyň strategiýasynyň özenidir. Bu gaty wajyp mesele. Kompaniýamyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin geljek bäş ýylda täzeçil tehnologiýalara we innowasiýalara 100 milliard ýuan (13,8 milliard amerikan dollary) maýa goýmagy meýilleşdirýäris. Şol bir wagtyň özünde sekiz sany global gözleg merkezini we 300-den gowrak «YaoGuang» barlaghanasyny dörederis. Munuň özi kompaniýamyzyň bütin dünýäde gözleg mümkinçiliklerini giňelder. Netijede, elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiliginde ösen tehnologiýalary, emeli aňyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmaga we olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga şert dörär – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ýin Tongýuýe gürrüň berýär.

Ykdysady ösüşi peseler

Özbegistanda ykdysady ösüş peseler. Bu hakda Aziýanyň Ösüş Bankynyň 2024-nji ýyl üçin çaklama hasabatynda aýdylýar. Has dogrusy, harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy Özbegistanda hojalyklaryň girdejisine ýaramaz täsir edýär. Netijede, üstümizdäki ýylda ýurtda ykdysady ösüşiň peselmegine garaşylýar. «Asian Development Outlook» neşiriniň 2024-nji ýyl üçin hasabatyna laýyklykda, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi üstümizdäki ýylda 5,5 göterime deň bolar. 2025-nji ýylda bolsa ösüş 5,6 göterime çenli ýokarlanar.

Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär. Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanşygy 818 million 207 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen CASCA+ Türkmenistan – Ýewropa we Ýewropa – Türkmenistan ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan gaýtadan dikeldilen süýümi, nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Täze desgalar beýik ösüşiň nusgasydyr

Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň çig mal serişdeleriň eksportyna bolan baglylygyny peseltmekde, haryt eksportyny giňeltmekde uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Kiçi we orta telekeçilik durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, milli ykdysadyýetiň üýtgäp duran içerki we daşarky şertlere çeýeligini artdyrmakda, milli önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy maksatlarynyň hatarynda goýuldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Senagat ähmiýetli täze desgalar

Türkmenistan döwletimiziň döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Parahatçylyk we abadançylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Munuň şeýledigine 8-nji maý güni bolup geçen taryhy wakalaryň mysalynda-da göz ýetirýäris. Şol gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenilen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu desgalar täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir Ahal welaýatynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine uly goşant goşjak iri kärhanalardyr.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: ýetilen sepgitler, aýdyň maksatlar

Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň parasatly garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly mehanizmleriniň işlenilip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Energetika howpsuzlygy dünýäniň ykbaly, adamzadyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meseleleriň hatarynda durýar. Häzirki döwürde energiýa göterijileriň halkara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň meselesi Ählumumy Gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ol gönüden-göni döwletleriň bähbitlerine galtaşýar, durmuş-ykdysady ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş derejesine we hiline, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişiniň mümkinçiliklerine täsir edýär.

Önüm öndürilişi artdyrylýar

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy, ýagny, 2 million 612 müň 62 manatlygy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 481 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 8 million 4 müň 250 manatlyk iş edildi. Şeýle-de geçen dört aýda buýan köküniň 1 müň 936 tonnasy, ekstraktynyň hem 210 tonnasy eksport edildi.

Döwrebap senagat kärhanasy

Düýn döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda döwrebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berildi. Ol halkymyzy guwandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Bedew bady bilen ösýän, özgerýän döwletimiziň bu iri senagat kärhanasynyň kuwwatlygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply. Zawodyň gurluşygynyň ikinji tapgyryna 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdi. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Beýik bina» hususy kärhanasy alyp bardy. Köpetdagyň eteginde bina edilen kärhanada 48 sany desga bolup, uly bir topluma öwrüldi. Gysga wagtda şeýle iri kärhananyň gurlup ulanmaga berilmegi döwletimiziň gurplulygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, halallygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawodda sementiň has ýokary hilli görnüşleri öndüriler. Netijede, ata Watanymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hili has-da ýokarlanar. Bu kärhananyň ikinji tapgyrynyň açylmagy bilen 250-ä golaý täze iş orunlary hem döredildi. Olaryň aglaba böleginiň sanly ulgamdan kämil baş çykarýan ýaşlar bolmagy has-da buýsandyryjydyr.

«Olýa – Türkmenbaşy» ýük gatnawyny döretmek üçin maslahat geçirildi

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäginde «Olýa – Türkmenbaşy» regulýar awtoparom gatnawynyň döredilmegi Russiýanyň we Hazar döwletleriniň ýük dolanyşygyny artdyrar. Bu barada Olýa täjirçilik deňiz porty paýdarlar jemgyýetiniň müdiri Aleksandr Melnikow «Viva Consult» tarapyndan guralan «Hazar sebitiniň ulag logistikasy» III halkara forumynyň çäginde Astrahanda geçirilen «Hazar deňziniň we Wolga derýasynyň basseýniniň suw ulagy» sessiýasynda eden çykyşynda belledi. «Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda gämi aragatnaşygy ýok. Heniz yzygiderli ýük daşaýyş ugurlary ýa-da awtoulag parom hyzmaty-da ýok» — diýip, A.Melnikow nygtady.

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjegini ägirt uly özgertmeler, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän gurluşyk maksatnamalary gurşap aldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen başy başlanan, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen iri göwrümli gurluşyk maksatnamalary bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilip, dürli maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar.

Şan-şöhraty dünýä dolan Watanym

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Döwrümiziň ruhunda ösüşleriň bady bar

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýän meseleler bilen bir hatarda geljekde milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmeklige, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şuňa laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda ýylymyzyň şygarynyň mazmunyna muwapyk, döwrümiziň döredijilik ruhuna mynasyp işler amala aşyrylýar. Binýady berkden tutulan tutumlar, başyna barlan asylly işler we ýetilen belent sepgitler giň gerimliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Muňa anyk mysal hökmünde: şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurlup, ulanylmaga berlen köpsanly ýaşaýyş jaýlarynyň, Lebap sement zawodynyň, «Şirýag» haryt nyşanly mineral we sintetiki ýaglary öndürýän hususy kärhananyň, şeýle-de ähli amatlylyklary özünde jemleýän 300 orunlyk metjidiň eçilýän eşret-höziri häzirki günlerde ildeşlerimiziň bagtyýarlygyna bagtyýarlyk gatýar, galkynyşdan ganatlanan döwrümiziň ösüşine ösüş goşýar. Häzirki günlerde welaýat merkezimizde köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 100-den gowrag