Önüm öndürilişi artdyrylýar

9 Maý 2024
318

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy, ýagny, 2 million 612 müň 62 manatlygy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 481 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 8 million 4 müň 250 manatlyk iş edildi. Şeýle-de geçen dört aýda buýan köküniň 1 müň 936 tonnasy, ekstraktynyň hem 210 tonnasy eksport edildi.

Beýleki habarlar