Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy dört aýda 2,5 milliard amerikan dollaryndan geçdi

13 Maý 2024
377

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ameri­kan dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp, business.com.tm habarlar saýty habar berýär.

Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 818 million 207 müň amerikan dollaryna barabar boldy. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Hasabat döwründe Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 385 million 944 müň amerikan dollaryna barabar bolan önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistan, takmynan, 212 million 940 müň amerikan dollaryna deň bolan hytaý harytlaryny import etdi.

Kuwwat ATAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar