Innowasiýalara 100 milliard ýuan maýa goýar

13 Maý 2024
216

Hytaýyň «Chery group» kompaniýasy ýakyn geljekde öz önümçiligine täzeçil tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin 100 milliard ýuan (13,8 milliard amerikan dollary) möçberinde maliýe serişdelerini gönükdirer. Bu barada Hytaýyň Uhu şäherinde «Chery group» hem-de «EXEED» tarapyndan guralan önümçilikdäki täze özgertmelere bagyşlanan halkara maslahatyň çäginde mälim edildi.

— Innowasiýa «Chery group» kompaniýasynyň strategiýasynyň özenidir. Bu gaty wajyp mesele. Kompaniýamyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin geljek bäş ýylda täzeçil tehnologiýalara we innowasiýalara 100 milliard ýuan (13,8 milliard amerikan dollary) maýa goýmagy meýilleşdirýäris. Şol bir wagtyň özünde sekiz sany global gözleg merkezini we 300-den gowrak «YaoGuang» barlaghanasyny dörederis. Munuň özi kompaniýamyzyň bütin dünýäde gözleg mümkinçiliklerini giňelder. Netijede, elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiliginde ösen tehnologiýalary, emeli aňyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmaga we olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga şert dörär – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ýin Tongýuýe gürrüň berýär.

Süleýman GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar