Ykdysady ösüşi peseler

13 Maý 2024
160

Özbegistanda ykdysady ösüş peseler. Bu hakda Aziýanyň Ösüş Bankynyň 2024-nji ýyl üçin çaklama hasabatynda aýdylýar. Has dogrusy, harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy Özbegistanda hojalyklaryň girdejisine ýaramaz täsir edýär. Netijede, üstümizdäki ýylda ýurtda ykdysady ösüşiň peselmegine garaşylýar.

«Asian Development Outlook» neşiriniň 2024-nji ýyl üçin hasabatyna laýyklykda, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi üstümizdäki ýylda 5,5 göterime deň bolar. 2025-nji ýylda bolsa ösüş 5,6 göterime çenli ýokarlanar.

Annajemal SOLTANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.
Beýleki habarlar