Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: ýetilen sepgitler, aýdyň maksatlar

9 Maý 2024
343

Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň parasatly garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly mehanizmleriniň işlenilip taýýarlanylmagyny şertlendirýär.

Energetika howpsuzlygy dünýäniň ykbaly, adamzadyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meseleleriň hatarynda durýar. Häzirki döwürde energiýa göterijileriň halkara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň meselesi Ählumumy Gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ol gönüden-göni döwletleriň bähbitlerine galtaşýar, durmuş-ykdysady ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş derejesine we hiline, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişiniň mümkinçiliklerine täsir edýär.

Maksat BAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň arhiwçisi.
Beýleki habarlar