Birža täzelikleri

13 Maý 2024
359

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan gaýtadan dikeldilen süýümi, nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

(TDH)
Beýleki habarlar