Döwrebap senagat kärhanasy

9 Maý 2024
350

Düýn döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda döwrebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berildi. Ol halkymyzy guwandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Bedew bady bilen ösýän, özgerýän döwletimiziň bu iri senagat kärhanasynyň kuwwatlygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply.

Zawodyň gurluşygynyň ikinji tapgyryna 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdi. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Beýik bina» hususy kärhanasy alyp bardy. Köpetdagyň eteginde bina edilen kärhanada 48 sany desga bolup, uly bir topluma öwrüldi. Gysga wagtda şeýle iri kärhananyň gurlup ulanmaga berilmegi döwletimiziň gurplulygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, halallygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawodda sementiň has ýokary hilli görnüşleri öndüriler. Netijede, ata Watanymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hili has-da ýokarlanar. Bu kärhananyň ikinji tapgyrynyň açylmagy bilen 250-ä golaý täze iş orunlary hem döredildi. Olaryň aglaba böleginiň sanly ulgamdan kämil baş çykarýan ýaşlar bolmagy has-da buýsandyryjydyr.

Baýramgeldi BABAÝEW,
TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar