Nebiti gaýtadan işleýjileriň üstünligi

13 Maý 2024
299

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda üstümizdäki ýyly üstünliklere beslemek, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli nebit önümlerini öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekilýär. Agzybir we başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň birleşen tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üç aýynyň görkezijilerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Kuwwatly senagat kärhanasynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň özleriniň işine berýän gündelik üns-aladasyny ýakyndan duýýandyklaryny kanagatlanma bilen belleýärler. Kabul edilýän möhüm çözgütler, berilýän goldaw-hemaýatlar bolsa, ilkinji nobatda, kärhananyň önümçilik-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, desgalaryň çig mallar bilen üpjünçiligini hem-de işgärleriň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly köptaraply meseleleri öz içine alýar. Bulardan başga-da, kärhananyň işini dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri hem amala aşyrylýar. Şeýle tagallalaryň ahyrky maksady ýokary hilli, bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilişini artdyrmak bolup durýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar