Döwrümiziň ruhunda ösüşleriň bady bar

8 Maý 2024
326

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýän meseleler bilen bir hatarda geljekde milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmeklige, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

Şuňa laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda ýylymyzyň şygarynyň mazmunyna muwapyk, döwrümiziň döredijilik ruhuna mynasyp işler amala aşyrylýar. Binýady berkden tutulan tutumlar, başyna barlan asylly işler we ýetilen belent sepgitler giň gerimliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Muňa anyk mysal hökmünde: şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurlup, ulanylmaga berlen köpsanly ýaşaýyş jaýlarynyň, Lebap sement zawodynyň, «Şirýag» haryt nyşanly mineral we sintetiki ýaglary öndürýän hususy kärhananyň, şeýle-de ähli amatlylyklary özünde jemleýän 300 orunlyk metjidiň eçilýän eşret-höziri häzirki günlerde ildeşlerimiziň bagtyýarlygyna bagtyýarlyk gatýar, galkynyşdan ganatlanan döwrümiziň ösüşine ösüş goşýar. Häzirki günlerde welaýat merkezimizde köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 100-den gowragynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy bolsa ykdysady taýdan kuwwatly ýurdumyzyň gurujylyk güýji bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar.

Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar