Täze desgalar beýik ösüşiň nusgasydyr

12 Maý 2024
350

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu beýik işler häzirki günüň we geljekki nesilleriň bähbitlerini nazara alyp, jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn özgermegini üpjün edýär, ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ösüşleri eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň hem-de önümçilik maksatly dürli desgalaryň gurlup ulanmaga berilmeginde görmek bolýar. Şu ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda ençeme şanly wakalar boldy. Esasan hem, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyny, geljegi nazarlaýan işleriň üstünlikli ýola goýulýandygyny aýdyň beýan edýär.

Ynha, ýakynda bolsa Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Bu uly, kuwwatly desgalar ýurdumyzyň ösüşine ösüş goşar, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösmegi üçin uly mümkinçilikdir. Senagat önümleriniň, esasan hem, sementiň köp öndürilmegi gurluşygy ýokary derejede alyp barmaga, binagärligiň has-da ösdürilmegine täze mümkinçilikdir. Şunuň ýaly durmuşa geçirilýän beýik işler diňe bir pudagyň ösmegine däl-de, eýsem, ugurdaş pudaklaryň özgermegine, kämilleşmegine, işleriniň has-da rowaçlanmagyna täsirini ýetirýär.

Baba MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar