"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli we giň gerimli gatnaşyklara — 30 ýyl!

Şu gün Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Berkarar döwletimiz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu şanly sene mynasybetli çärelere giň gerim berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýäris. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär» diýip belleýär. Geçen 30 ýylda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesi toplandy. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky wekilhanasy açyldy. Onuň bilen birlikde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy netijeli gatnaşyklary utgaşdyrýar.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň batly gadamlary

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyz durmuş-ykdysady özgertmeleriň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki döwürde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alnyp, halk hojalygynyň pudaklaryna dünýä tejribesiniň iň täze gazananlary, innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, erkin ykdysady zolaklar dürli ýurtlarda ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli guraly, tehnologik, durmuş we ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda dünýä tejribesini öwrenip, işleri netijeli guramak bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Erkin ykdysady zolaklary döretmek, olara içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen esasy wezipeleriň biridir. Erkin ykdysady zolaklar — döwletiň araçäginde aýratyn hukuk derejesine eýe bolan hem-de işewürlik üçin salgyt ýeňillikleri, ýörite walýuta we gümrük düzgünleri ýaly şertler göz öňünde tutulan ýerlerdir. Şeýle zolaklaryň dör

«Türkmen Logistika» türkmen ulag kompaniýalaryny «Gara deňiz—Hazar» Logistika forumyna çagyrýar

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy resmi maglumat hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny 2023-nji ýylda geçiriljek «Gara deňiz — Hazar» Logistika Forumy: geçelgeler, ýükler, infrastruktura» maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu baradaky bildiriş assosiasiýanyň resmi web sahypasynda çap edildi. Forum 2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriler.

Gyrgyzystanda sebitiň iri logistika parky dörediler

2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň “A” derejeli iri logistika parky Gyrgyzystanda öz işine başlar. Bu barada bu boýunça taslamanyň konsultanty “NF Group” kompaniýasy özüniň web-saýtynda habar berýär.  163 müň inedördül metr çägi tutjak täze logistika parky ýurduň Çuý sebitiniň Alamedin etrabynda 28,8 gektar ýerde peýda bolar. Bu toplum Hytaýy we Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlary bilen birikdirýän möhüm üstaşyr ýollaryň kesişýän ýerinde gurlar. Logistika parkynyň çäginde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap ammarlar, duralga we gorag zolaklary, giriş we çykyş ýerleri bolar. 

Halkara gümrük hyzmatdaşlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda döwrebap ösüşler gazanylyp, guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem öz işini sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly döwrebap derejede guraýar. Şonuň bilen bir hatarda, halkara gümrük hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrýar. Serhetleşýän goňşy döwletler we beýleki ýurtlar bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijelerini berip, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini artdyrmaga, eksport harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär. Soňky ýyllarda dürli ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygymyz barha ýokarlandyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakyndaky Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Awaza, 14-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny bellenildi.

Hazar — dost-doganlygyň deňzi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene — Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. Şu ýyl bu resminama gol çekilenine 20 ýyl doldy. Munuň özi Awazadaky şol günki çäreleriň ähmiýetini artdyrdy. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi

Hazar deňziniň güni her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylda bu resminama gol çekilenine 20 ýyl doldy. Şoňa görä-de, 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda bu şanly sene dabaraly bellenildi.

Ha­zar deň­zi — dost­luk deň­zi

Ga­dym­dan bä­ri halk­la­ry, ýol­la­ry bir­leş­dir­ýän Ha­zar deň­zi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ryn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ha­zar deň­zi­niň gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­tan­da her ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da ýo­ka­ry de­re­je­de da­ba­ra­ly çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Bu çä­re­ler Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň ara­syn­da dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek we hyz­mat­daş­lyk gi­ňiş­li­gi­ni dö­ret­mek mak­sa­dyn­dan ugur al­ýar. Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­ny bi­rik­dir­ýän Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň çä­gi «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» we «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» ugur­la­ry bo­ýun­ça üs­ta­şyr ulag we söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li he­re­ke­ti­ni üp­jün ed­ýän te­bi­gy-ge­og­ra­fik gi­ňiş­lik bo­lup dur­ýar. Şun­dan ugur alyp, Türk­me­nis­tan bu ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ýyg­jam­laş­dyr­ma­ga we ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy täze hyzmatlary ýola goýdy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýerli telekeçilere we hususy eýeçilik pudagynda iş alyp barýan kompaniýalara has hem kämilleşdirilen we tizleşdirilen hyzmatlary bermek maksady bilen täze hyzmatlary we nyrhnamalary ýola goýdy. Indi alyjy bilen satyjynyň arasyndaky şertnamalary, şeýle-de goşmaça ylalaşyklary biržanyň maglumatlar ulgamyna girizmek işi tizleşdirilip, onuň hyzmat bahasy 50 manat möçberinde kesgitlenildi.

Hazar — dostluk deňzi

Şu gün, 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» myhmanhanasynda «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Bu foruma Hazarýaka döwletlerden we beýleki ýurtlardan wekiller şeýle hem halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti goňşy, dostlukly ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň özboluşly dabaralanmasy boldy. Ýokary derejedäki taryhy duşuşyk dünýä ýaň saldy. Ol döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýaly ýörelgeleriň ýokary derejä çykandygyny ýene bir ýola açyp görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşyny teleýaýlym arkaly ünsli diňledik. Umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly meseleler, aýratyn-da, durnukly suw üpjünçiligi, energetika, ulag we logistika ýaly ileri tutulýan ugurlar barada aýdylanlar uly täsir galdyrdy. Halkymyzda suwa aýratyn sarpa goýulýar. Täze taryhy döwrümizde pederlerimiziň suwa aýawly garamak babatdaky ýörelgelerine berk eýerilmegi, suwy tygşytly we netijeli ulanmaga döwlet syýasatynda aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen baglylykda, Aşgabat sammitinde suw serişdelerinden akylly-başly peýdalanmagyň möhüm işleriň hatarynda görkezilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Ylaýta-da, ýurtlarymyzyň suwa isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly kanagatlandyrmakda önümçili

Sebit bähbitli başlangyçlar

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň gözel paýtagtymyzda ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti netijeli döwletara we sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka boldy. Aşgabat sammiti ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýan türkmen, täjik we özbek halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, sebitiň üç ýurduny durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly ösdürmäge täze mümkinçilikleri açdy. Üçtaraplaýyn duşuşykda köp sanly wajyp meseleler öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiz durnukly suw üpjünçiliginiň derwaýys meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň suwa islegini özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologik çözgütler barada aýtdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda suwaryş ulgamyny döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Suwy tygşytly ulanmak, suwaryşyň dürli ölçegdäki geçirijiler arkaly hem-de damjalaýyn usullaryny ornaşdyrmak, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ýaly işlere-de aýratyn üns berilýär. Ata-babalarymyz topragy hazynalar çeş

Hazar — mümkinçilikleriň deňzi

Žurnalistleriň biri: «Hazar — deňizden has uly hazyna» diýmek bilen, onuň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine örän jaýdar baha beripdir. Taryhda 70-den gowrak ada eýe bolan we dünýäniň ösen döwletleriniň nazary gönükdirilen gojaman Hazar häzirki wagtda köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Çünki Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şol ugurlarda sebitiň döwletleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar bolsa Hazary diňe bir hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, dostlugyň deňzine öwürdi. Muňa her ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda strategik ähmiýeti dünýä ykbalyna dahylly meselelere utgaşýan Hazar deňziniň gününiň bellenilmegi hem şaýatlyk edýär. Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan Hazarýaka hyzmatdaşlygyna uly üns berýär. Adamzat taryhynda ägirt uly syýasy ähmiýete we ykdysady kuwwata eýe bolan Hazaryň bu günki ykbaly hem-de geljegi bilen bagly meseleler turuwbaşdan ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Degişli ugurda ata Watanymyzyň Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek babatda öňe süren möhüm başlangyçlary esasynda 21 ýyl mundan ozal badalga alan sammitleriň ilkinjisi 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirildi. H

Mawy alyslyklar bizi ýakynlaşdyrýar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ilkinji gezek «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşinde geçirilen Aşgabat duşuşygy barada söhbet Eger-de siz meşhur rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyň «Aziýanyň mawy alyslyklary» atly eserini okan bolsaňyz, onda: «Meni mawy alyslyklar, syrly pars daglary, Aziýa syýahat etmek arzuwy özüne çekýärdi» diýen jümlä gabat gelensiňiz. Taryhyň dowamynda, gör, näçe adamlar mawy alyslyklara ýaýylyp gidýän Aziýany görmegi, tebigatyny synlamagy, bu ýerleriň beýik medeniýetine aralaşmagy arzuw edipdir. Ol hakynda uly-uly syýahatnamalar, ölmez-ýitmez eserler döredilipdir. Biziň söhbedimiz hem ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyran, täsin, gaýtalanmaz tebigaty, haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan, tebigy baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan Aziýanyň merkezi sebitinde ýerleşýän üç ýurduň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 4-nji awgustynda üçtaraplaýyn görnüşde geçiren ilkinji duşuşygy dogrusynda.

Özbegistan Türkmenistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hazar deňzine çykmak isleýär

Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyny isleýär. Bu babatda ol Türkmenistan hem-de Gazagystan bilen ýük daşamak boýunça baglaşylan şertnamalara bil baglaýar diýip, «Report.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistan öz gämileri bilen Hazarüsti ugur boýunça ýük daşamalarynyň möçberiniň artmagyna goşant goşmak isleýär. Bu babatda çeşme Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Ulag we logistikanyň ösüşiniň öwrenmek boýunça merkeziniň müdiri Bekzod Holmatowa salgylanýar.

Gazagystan Eýranyň üsti bilen Aýlag ýurtlaryna çykmagy meýilleşdirýär

Gazagystan eksport üçin niýetlenilen azyk önümlerini Aýlag ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogaryň, Pakistanyň, Hindistanyň we Gündogar Afrikanyň bazarlaryna daşamak üçin iň gysga we göni ugry ösdürmek boýunça iş alyp barýar. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi. Geçen hepde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangarin bilen “AD Ports Group” kompaniýasynyň düzümine girýän “Simatech Shipping & Forwarding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dawud Taftiniň arasynda geçirilen duşuşykda bu ugruň döredilmegi boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Halkara dialog — türkmen diplomatiýasynda strategik ugur

Aşgabadyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň merkezine öwrülendigi indi hiç kim üçin täzelik däl. Forumlar häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine mynasyp goşant goşýar. Dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bu, elbetde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesinden we şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän hoşniýetli daşary syýasatdan gelip çykýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzir hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli işler dünýäde kanagatlanma bilen kabul edilýär. Aşgabat ýene-de halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi. 4-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki duşuşygyny dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňden beýan edip, onuň işine ýokary baha berdi.

Aşgabat sammiti — hyzmatdaşlyk meýdançasy

Häzirki döwürde döwletiň ykdysady ösüşiniň esasyny düzýän döwletara gatnaşyklar we onuň çygrynda dürli ugurlar boýunça ilerledilýän hyzmatdaşlyklar ýurduň häzirki hem-de geljekki ösüşlerini kesgitleýär. Türkmenistan bilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň, aýratyn-da, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda geljegi uly ugurlary nazarda tutup ösdürilmegi ýurtlaryň sebitde eýeleýän ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçirilen üçtaraplaýyn sammit hem öz gezeginde suw üpjünçiligi we ondan peýdalanmak, ulag, energetika ýaly özara möhüm ugurlarda bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň nobatdaky ädimi boldy. Bu sammitiň ähmiýeti barada häzirki günlerde hem halkara bilermenler we tejribeli hünärmenler iri internet neşirlerinde, abraýly gazet-žurnallarda öz pikirlerini paýlaşýarlar. Biz gazetimiziň şu sanynda halkara bilermenleriň birnäçesiniň Aşgabat sammiti baradaky pikir-garaýyşlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Fernando MORAGON, Ispaniýanyň “Diario Arbat” internet neşiriniň direktory, Özbek-ispan gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça assosiasiýanyň ý

Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa

4-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistan tagallalary birleşdirmäge çagyrýar