Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli we giň gerimli gatnaşyklara — 30 ýyl!

17 Awgust 2023
399

Şu gün Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Berkarar döwletimiz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu şanly sene mynasybetli çärelere giň gerim berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýäris. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär» diýip belleýär. Geçen 30 ýylda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesi toplandy. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky wekilhanasy açyldy. Onuň bilen birlikde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy netijeli gatnaşyklary utgaşdyrýar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar